Biz barada

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binalar toplumy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär we gözel paýtagtymyzyň sport binalary bilen sazlaşýar. 2012-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň täze binalar toplumy, 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi.

Institut 7 sany binalar toplumyndan ybarat bolup, administratiw - dolandyryşly okuw binasy, ylmy barlaghanaly Sportuň olimpiýa görnüşleriniň fakultet binasy,  400 we 450 orunlyk talyplara niýetlenen 2 sany umumy ýaşaýyş jaýlary, naharhana, sport ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek üçin ähli şertleri döredilen sport toplumlaryň 2 sanysy binalar toplumyny düzýärler. Institutyň sport we okuw binalary häzirki zaman interaktiw-multimediýa, kompýuter tehnologiýalary, lingafon otaglary, öňdebaryjy sport enjamlary we tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Institutda, şeýle-de ähli binalarda peýdalanmak mümkinçiligi bolan elektron kitaphana, internet otagy we  sport meýdançalary bar.

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47