Bedenterbiýe fakulteti

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykaran “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky”, “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Permanlarydyr Kararlary esasynda bedenterbiýe hünäri açyldy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda bolsa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagy bilen Bedenterbiýe fakulteti döredildi. Bu fakultetde bedenterbiýe, sport psihologiýasy, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu hünärleri ele alýanlara häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykaryp, olaryň mümkinçiliklerini mugallymçylyk, tälimçilik işlerinde ulanmak hem öwredilýär.

Fakultetiň talyplary dersler boýunça geçirilýän Döwlet bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Fakultetiň kafedralary Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky syýasatyny göz öňünde tutmak bilen mekdeplerde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek meseleleriniň üstünde işleýärler. 

Fakultetiň professor-mugallymlary we talyplary institutda döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni ösüşi, sport bäsleşikleri barada teleradioýaýlymlarda we metbugatda yzygiderli çykyş edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47