Sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti

Sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda çykaran 1262-nji Kararyna laýyklykda döredildi. Sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti dünýä sportunyň naýbaşy bäsleşigi bolan Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri, türgenleri ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen açyldy. Fakultetde olimpiýa görnüşleriniň düzümine girýän sportuň 31 görnüşinden tälimçi mugallymlar taýýarlanylýar. Talyplar ýurdumyzyň sport ulgamynda öz saýlap alan sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça çagalary we ýetginjekleri türgenleşdirmek, tälimçilik, dolandyryjylyk hem-de ylmy barlag işlerini alyp barmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmek üçin taýýarlanylýar.

Bu fakultetiň esasy iş wezipeleri: 

- Türkmenistanda sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça ylmy we amaly taýdan esaslandyrylan usullarda we şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak;

- Sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmegiň milli ulgamyny döretmek we bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirmek;

- Sportuň olimpiýa görnüşleriniň aýratynlyklaryna görä ýokary derejeli türgenleri saýlap-seçip almak, olaryň beden we ruhy taýdan mümkinçiliklerini kesgitleýän taýýarlyk derejesiniň synag kadalaryny işläp taýýarlamak;

- Häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap barlaghana şertlerinde türgenleriň bedeniniň funksional mümkinçiliklerine toplumlaýyn seljermek we baha bermek; 

- Sport ulgamynyň döwrebap sanly tehnologiýalary we tilsimatlary, enjamlary bilen işlemegi başarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak;

- Sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek boýunça zerur bolan okuw kitaplary, usuly gollanmalary taýýarlamak, edebiýat üpjünçiliginiň binýadyny döretmek. 

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47