Fakultetara bäsleşik

Fakultetara bäsleşik
  20-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Ýaş ýürekleň ylhamynda, Aşgabadyň merjen keşbi» ady bilen fakultetara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşik jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Onuň şertlerine laýyklykda, talyplar paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň, sport desgalarynyň suratlaryny çekmekde, maketlerini ýasamakda, ene-mamalarymyzdan miras galan milli lybaslarymyzyň, nepis nagyşlaryň, owadan keşdeleriň, dokma işleriniň üsti bilen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini açyp görkezmekde bäsleşdiler. Talyplar institutyň baş binasynda fakultetler boýunça öz işleriniň sergisini guradylar. Bu ýerde görkezilen suratlardyr maketlerde, dokma önümlerinde paýtagtymyzyň gözelligi ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. 
   – Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik aýratynlygyny açyp görkezýän işlerde ýaşlaryň öz paýtagtlaryna bolan söýgüsi jemlenipdir – diýip, institutyň uly mugallymy Bibi Gaýlyýewa buýsanç bilen belleýär. – Biz muny sergilenen islendik eserlerden hem görüp bilýäris. Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan her bir dabarada, sport ýaryşlarynda ýaşlar öz paýtagtlaryna bolan söýgüsini giňden beýan edýärler. Bu bolsa Arkadagly Watanymyzyň buýsançly günleriniň waspyna öwrülip, ýürekleri joşa getirýär, kalbymyza ganat bekleýär. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.

 Döwlet HEŞDEKOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47