«Arkadag Hormaty mähribanlara — baky şöhrat bolsun Gahrymanlara»

 «Arkadag Hormaty mähribanlara — baky şöhrat bolsun Gahrymanlara»

   Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Arkadag Hormaty mähribanlara — baky şöhrat bolsun Gahrymanlara» ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Beýik Watançylyk urşynda gahrymanlyk görkezen weteranlarymyzyň hormatyna şeýle-de sport äleminiň taryhy sahypalaryna yz goýmagy başaran halypalaryň hormatyna bagyşlanyp geçirildi.
      Duşuşygyň hormatly myhmanlary Gahryman Arkadagymyzyň häzirki wagtda okamak, öwrenmek, ýaşamak üçin döredip berýän mümkinçilikleri dogrysynda gürrüň berdiler. Şeýle-de myhmanlar Berkarar döwrümiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, döredilýän mümkinçiliklere jogap edip her birimiziň hünär ýolumyzda üstünlikleri gazanmagymyzyň şertdigini belläp geçdiler. Guramaçylykly geçirilen duşuşyk hormatly Prezidentimize alkyş sözleri bilen tamamlandy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň mugallymy Rüstem Saparow

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47