Ýaş alymlarymyzyň üstünlikleri

Bedenterbiýe we sport dünýäsiniň bilim ojagynyň
ýaş alymlaryny gutlaýarys!

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde hem-de täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.
    Bu arzyly ylmy bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Muhammetguly Kuliýew 2-nji orna, bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Çarygeldi Myratlyýew hem-de sport fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäzik Bäşimowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar – noutbuk, telewizor dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Ýokary okuw mekdebimizde bedenterbiýäni, sporty ylmy esasda öwrenmek, sport sapaklarynyň dowamynda talyp türgenleriň ussatlygyny, maksada okgunlylygyny artdyrmak, sport tilsimlerini kämilleşdirmek, güýçlerini, ýyndamlygyny, çydamlylygyny berkitmek, ahlak sypatlaryny terbiýelemek, netijeli türgenleşmäge we ýaryşlara üstünlikli gatnaşmak üçin bilimlere eýe bolmagyny gazanmak ýaly ugurlara ylmy esasda çemeleşilýär we içgin öwrenilýär.
  Ylmy bäsleşikde tapawutlanan ýokary okuw mekdebimiziň mugallymyna we talyplaryna tüýs ýüregimizden guwanýarys we olary eýe bolan Şa serpaýlary bilen gutlaýarys. Ýaşlaryň ylmy barlaglara giňden çekilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän Arkadag Prezidentimize çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47