Sanly ulgam arkaly bäsleşik

Bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça

sanly ulgam arkaly bäsleşik

  Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil nesli kemala getirmek barada öňde goýan wezipelerinden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alyp, bedenterbiýäni, sporty ylmy esasda öwrenmegi kämilleşdirmek, ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň ähmiýetini wagyz etmek, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri durmuşa geçirmäge gatnaşmak maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda www.tdbsi.edu.tm resmi Web-saýty arkaly “Ak şäherim Aşgabat – halkara sport ýaryşlarynyň mekany” atly uzak aralykdan (distansion) internet bäsleşigi geçirildi.

  Internet bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar guramaçylyk toparynyň elektron salgysy arkaly hasaba alyndy. “Ak şäherim Aşgabat – halkara sport ýaryşlarynyň mekany” atly uzak aralykdan internet bäsleşigine ýurdumyzyň on bir sany ýokary okuw mekdebinden 50-den gowrak talyp sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini peýdalanyp işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplarda uly gyzyklanma döretdi.

   Uzak aralykdan internet bäsleşigine gatnaşyjylara “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan ýörelgeleri, gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen we geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sport ýaryşlarynyň taryhyny, dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryny, çärelerini, sportuň görnüşleriniň düzgünlerini öz içine alýan soraglar hödürlenildi.

   Uzak aralykdan internet bäsleşiginiň ýeňijileri ýerine ýetirilen işiň netijelerine görä kesgitlenildi we baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Orazmyrat Esenow,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Okuw bölüminiň başlygy, uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47