Sambo boýunça Aziýa çempionaty

Talyp türgenlerimiz we uçurymlarymyz

sambo boýunça Aziýa çempionatynda medallary gazandylar

     Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) “https://sambo.sport/” resmi Web-saýtynyň habar bermegine görä, Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy) sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Bu halkara ýaryşynda türkmen türgenleri on dört medal, ýagny, 2 altyn, 2 kümüş we 10 bürünç medallary gazanmagy başardylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleriniň hem-de uçurymlarynyň bu halkara ýaryşynda medallaryň dürli görnüşlerini eýelemegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

       Çempionata 16 ýurtdan 400 töweregi türgen gatnaşdy. Ýaryşlar oglanlar we gyzlar, ýetginjekler, erkekler we aýallar diýen toparlara bölünip geçirildi.

     Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Aziýanyň çempiony diýen hormatly ada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby Muhammet Kössekow (64 kg çenli) we türgen Çarymyrat Annagurbanow (98 kg çenli) mynasyp boldular.

    Kümüş medallar söweş sambosynda Babajan Iwadullaýewe (100 kg çenli), aýallarda Rano Uzakowa (72 kg çenli) gowşuryldy.

     Bürünç medallary gazanmagy başaranlar: Bedenterbiýe fakultetiniň talyby Aziza Nazarowa (50 kg), Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby Jahan Muhammedowa (80 kg), Sport fakultetiniň talyby Maksuda Egemberdiýewa (80 kg), türgenler Ruşana Nurjawowa (54 kg), Wioletta Krowýakowa (65 kg), Madina Aýdogdyýewa (59 kg), erkekleriň arasynda Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby Ruslan Esgerow (98 kg), Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby Rejepnur Agaýew (71 kg), türgenler Ýusup Taňryberdiýew (58 kg), Jawlanbek Madaminow (88 kg).

       Sambo boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiş gazanan talyp türgenlerimizi we uçurymlarymyzy ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan gutlaýarys! Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin ýokary şertleri we amatly mümkinçilikleri döredýän Arkadag Prezidentimize çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. 

http://www.tdbsi.edu.tm/

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47