Welosipediň 5 peýdasy

WELOSIPEDIŇ 5 PEÝDASY
1. ŞADYÝANLYK. Işe welosipedli gatnamak her bir adama ýarasa gerek. Sebäbi şeýle gezelençde arasssa howadan dem alyp, öz şäheriň owadan köçelerini synlamaga mümkinçilik döreýär. Elbetde, bu ýagdaý ruhy taýdan hem lezzet berer, bedeniňi fiziki taýdan berkitmäge-de ýardam eder. Welosiped, aslynda, asuda durmuşy janlandyrýar. Sebäbi janly tebigatyň taýsyz gözelliklerini synlap welosiped sürmegiň lezzeti hem üýtgeşik bolsa gerek. 
2. BEDENTERBIÝE. Welosipedli edilen gezelençler arkaly bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýäris. Hatda ereýän kaloriýalaryň bütinleý mukdary hem adamlaryň fiziologiýasyna, hereketiniň tizligine bagly bolup durýar. Welosiped hem  ylgaw ýaly bogunlardaky az sanly ýaramaz täsirleri, artykmaç kaloriýalary aradan aýyrmaga kömek edýär. Welosiped ýürek myşsalarynyň we dem alyş ulgamlarynyň işini gowulandyrýar, gan basyşyny peseldýär, gujur-gaýratyňy artdyrýar, myşsalaryňy türgenleşdirýär we durnukly sazlaşygy saklaýar. 
3. ŞÄHDAÇYKLYK. Işe welosipedli gitmek adamda şähdaçyklyk ýaly ýakymly duýguny döredýär. Ruhubelentligi söýýän adamlaryň köpüsi jemgyýetçilik ulaglary bilen işe ýa okuwa gatnamakdan, nirede we näçe tizlikde hereket etjekdigiňi özüň kesgitlemek mümkinçiligini saýlap alsa gerek. Köp sanly tejribeleriň esasynda her günki fiziki hereketleriň nerw dartgynlylygynyň derejesini peseltmäge ýardam edýändigi, göwnüçökgünligiň alamatlaryny gowşadýandygy, ukusyzlykdan horluk çekýän adamlaryň ukusyny gowulaşdyrýandygy, gorky, howsala ýaly duýgulary azaldýandygy subut edildi. 
4. PIKIRLENIŞ UKYBY. Wagtly-wagtyna welosipedli gezelenç etmek düşbi bolmaga ýardam edýär. Gündeki aram agramlar pikiriň işjeňliginiň peselmeginiň öňüni alýar, ýatkeşligi, bilime bolan başarnygy gowulaşdyrýar we beýniniň öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bu aýdylanlaryň hemmesiniň bilermenler tarapyndan geçirilen tejribeleriň we barlaglaryň esasynda subut edilendigini hem ýatlatmalydyrys. 
5. SAGLYK. Welosiped sürmegiň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hakyndaky gürrüňler düşündirişe mätäç däl. Sebäbi welosiped süren wagtyň aýaklaryň myşsalary birsydyrgyn hereket edýär we berkeýär. Ýüregiň ýygrylyp ýazylmasy gan aýlanyşygy kadalaşdyrýar. Sagdyn adamyň yürek urşunyň kadaly ýagdaýy bir minutda 65-70 hasaplanylýar, wagtly-wagtyna welosiped bilen gezelenç edýän adamlarda bolsa minutda 8-10 gezek azalýar. Bu bolsa ýüregiň durnukly işleýändigini görkezýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Diller kafedrasynyň mugallymy
Senem Tuwakgylyjowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47