Institutyň taryhy

    1980-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň Bedenterbiýe fakultetiniň binýadynda döredilen Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň ady 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty diýlip üýtgedildi. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen institutyň hereket eden öňki ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy.
     Institutda 8 hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan 3 fakultet we 13 kafedra  hereket edýär. Olarda alnyp barylýan ýöriteleşdirilen sapaklar esasynda sportuň 46 görnüşinden tälimçiler taýýarlanylýar. Institutda talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw we türgenleşik sapaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlarynda geçirilýär. Okuw işleri döwrebap okuw maksatnamalary we meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Okuw meýilnamasynda ylym-bilimi ýokarlandyrmak baradaky talaplaryna laýyklykda öwredilýän hünärleriň nazaryýet we usulyýet taýdan amaly özleşdirilişine, dersleriň mazmunynyň meýilleşdirilişine, okuwyň tejribelik bilen utgaşdyrylyşyna aýratyn üns berilýär.
     Institutyň talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň uçurymlaryndan we bilim alýan talyplaryň arasynda türkmen sportunyň taryhyna atlaryny hemişelik ýazan türgenleriň ençemesi bar. Şeýle hem 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, “Amul-Hazar-2018” halkara awtorallisinde we 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda institutyň talyplary we uçurymlary ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. “Talyp sporty” ady bilen talyplardan düzülen ýygyndy toparlar ýurdumyzyň Milli çempionatynda çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47