Ylym

 INSTITUTYŇ ASPIRANTURA BÖLÜMI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym ulgamyndaky döwrebap özgertmelerine, pedagogiki taýdan tejribeli mugallymlary,  hünärmenleri taýýarlamak baradaky başlangyçlaryna, olaryň ylmy gözlegleriniň täze usullaryny ele almaklygyna, nazary we ýörite taýýarlyklarynyň çuňlaşmagyna, şol sanda, kompýuter tehnikasyny ulanmak arkaly iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmek we işlerine  ornaşdyrmak baradaky öňde goýan wezipelerine  laýyklykda, 2008-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 13.00.04 “Bedenterbiýäniň, sport türgenleşiginiň, sagaldyjy we uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti” hünäri boýunça aspirantura açyldy. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda doktorantura açyldy. 
  Häzirki döwre çenli dört mugallym pedagogika ylmy boýunça dissertasiýa işini goradylar we pedagogika ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini mynasyp boldular. 
 2013-nj ýylda “Woleýbolçylary taýýarlamak döwründe türgenleşigiň gurluşyny kämilleşdirmegiň serişdeleri we usullary” atly dissertasiýa işi boýunça;
2016-njy ýylda “Ýokary derejeli boksçulary esasy ýaryşlara taýýarlamagyň amatly ýollary” ” atly dissertasiýa işi boýunça; 
2017-nji ýylda “Bedenterbiýäniň bäş-ýedi ýaşly çagalaryň beden ösüşine täsirini öwrenmek” atly dissertasiýa işi boýunça; 
2019-njy ýylda “Umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synplarynda bedenterbiýe işlerini kämilleşdirmek” atly dissertasiýa işi boýunça ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe bolundy. Bu ylmy işler  ýurdumyzyň sport mekdeplerinde ýaşlary sporta taýýarlamakda  giňden peýdalanylýar. 
 Häzirki wagta institutda 20-den gowrak mugallym Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda hasaba alnyp, pedagogika ylymy  boýunça öz dissertasiýa işlerini  taýýarlaýarlar. 

INSTITUTDA ALNYP BARYLÝAN  YLMY-BARLAG IŞLER  
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, “Ýokary derejeli türgenleriň beden mümkinçilikleri we ýokary netijeleri gazanmagyň ýollary” atly temadan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy kliniki merkezli hassahanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ylmy-barlag işleri  alnyp barylýar.
Sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça ylmy edebiýat çeşmeleri, resmi maglumatlar, internet habarlary we tälimçileriň teklipleri çuňňur öwrenilýär. Ýokary derejeli türgenler toplumlaýyn barlagdan geçirilip, olaryň beden mümkinçilikleriniň fiziologiki çäklerini bahalandyrmagyň usulyýeti indeksler arkaly seljerilýär. Türgenleriň antropometrik, fiziometrik, biofiziki görkezijileri innowasion tehnologiýalar arkaly  (Kettler weloergometri, EKG, EHO, dinamometr, spirometr, pulsooksimetr, refleksometriýa we beýlekiler) öwrenilýär. Şeýle işleriň  (iýmitine, türgenleşigine, saglyk ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik) geçirilmegi netijesinde aýry-aýry sport görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň fiziki we tehniki mümkinçilikleriniň artýandygy ylmy taýdan anyklanyldy.  
Sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparyň türgenlerini taýýarlamakda döwrebap tehnologiýalaryň gazananlaryny netijeli peýdalanmak, türgenleriň funksional mümkinçiliklerini ylmy esasda tapgyrlaýyn öwrenmek üçin kardiorespirator ulgamynyň lukmançylyk gözegçiligi yzygiderli geçirilýär. Şeýlelikde   olaryň funksional mümkinçilikleri seljerilýär we içgin öwrenilýär. Zerur bolan wagty mediki - biologik, psihologik, berhiz we dikeldiş kömekleri berilýär. 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýan türgenleriň fiziki, fiziologiki görkezijileri we tehniki-taktiki taýýarlygyny seljermek tapgyrlaýyn görnüşde yzygiderli dowam etdyrilýär.  
         “Mekdep-talyplar sportuny we bedenterbiýäni kämilleşdirmegiň häzirki zaman usulyýeti” atly temadan   mekdep-talyplar sportyny ösdürmek maksady bilen we orta mekdeplerde  bedenterbiýäni has-da kämilleşdirmek üçin döwrüň talaplaryna laýyklykda täze-täze ygtybarly teklipler, hödürnamalar, bedenterbiýe-sport kadalary taýýarlanylýar.
TALYPLARYŇ YLMY GURNAKLARY
Institutyň talyplaryna usulyýet kömegini bermek we ylmy-usulyýet işlerini ösdürmek maksady bilen fakultetlerde ylmy gurnaklar hereket edýär.  Häzirki wagtda ylmy gurnaklara 100-e ýakyn talyp gatnaşýar. Ylmy gurnaklaryň meýilnamalaryna laýyklykda işler yzygiderli alnyp barylýar. Talyplara ylmy edebiýatlar, ýazuw çeşmeleri bilen  işlemek we maglumat toplamak, ylmy barlaglaryň wezipesini kesgitlemek hem-de netijesini işläp taýýarlamak endikleri öwredilýär. Olar öz saýlap alan ylmy temalary bilen gurnagyň mejlisinde we   ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli çykyş edýärler. Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde geçirtilýän ylmy-amaly maslahatlara, ders olimpiýadalaryna onlaýyn arkaly gatnaşýarlar. Ylmy meseleleri öwrenmekde we işläp taýýarlamakda talyplara kafedralaryň tejribeli mugallymlary halypaçylyk  edýärler. 
Ylmy gurnaklarda diňlenilýän nutuklar mähriban Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ugurlaryna esaslanylyp taýýarlanylýar. Esasan hem, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň fiziki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, bedenterbiýäniň adamlaryň saglygyna edýän oňaýly täsirlerini açyp görkezmäge we wagyz etmäge uly üns berilýär. 
Talyplar öz saýlap nutuklaryny halypa mugallymlaryň  kömegi bilen hemmetaraplaýyn öwrenýärler we özleşdirýärler.  Has kämilleşdirip, ylmy taýdan esaslandyryp, soň ol nutuklary ylmy iş derejesine ýetirýärler we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigine  hödürleýärler. Şeýle hem ylmy gurnaklaryň agzalary ylmyň dürli meseleleri boýunça ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde publisistik makalalar, ylmy žurnallarda  ylmy makalalar bilen yzygiderli çykyş edýärler. 

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47