Sport fakulteti


Bu fakultet ýokary okuw mekdebi açylan ýyllaryndan bäri, has takygy, 1980-nji ýyldan bäri dürli atlar bilen hereket etdi. Şol ýyllarda institutda tälimçilik we pedagogika fakultetleri işleýärdi. Fakultetlerde ady belli sport hünärmenleri talyplara bilim berdiler. 1998-nji ýylda ýokarda ady agzalan fakultetler birikdirilip, Sport fakulteti döredildi. Bu fakultetde sport tälimçileri, sport desgalaryny dolandyrmak, sporty maliýeleşdirmek we sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu hünärleri ele alýanlara häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykaryp, olaryň mümkinçiliklerini mugallymçylyk, tälimçilik işlerinde ulanmak hem öwredilýär. Fakultetde tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler we olar sportuň 15 görnüşi boýunça talyplara bilim we tälim berýärler, professor-mugallymlaryň aglabasy sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady we Halkara derejeli emin diýen atlary hormat bilen göterýärler. 
Fakultetde  alnyp barylýan okuw - sapaklaryny we sport işlerini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk guramak üçin mugallymlar ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda geçirilýän okuw-usuly maslahatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, öz tejribelerini yzygiderli artdyryp durýarlar we alan bilimlerini talyplara bermekde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Fakultetiň talyplary berilýän nazary bilimlerden başga-da saýlap alan sport görnüşleri boýunça okuwdan daşary türgenleşik işlerini geçmek bilen, ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda geçirilýän ýaryşlara mynasyp wekilçilik edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47