Talyp türgenimiziň üstünligi


Ýaşlaryň bu gün özüne bedenterbiýe we sporty hemra tutunýandygy ählimize mälim bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlar milli we halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip baýrakly orna mynasyp bolmagy başarýarlar. Olaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaş nesilleriň sportuň bu görnüşini saýlamagyna itergi berýär.
Golaýda Koreýa Respublikasynyň Jinju şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda türgenlerimiziň baýrakly orunlary eýelemegi ýokarda aýdylanlaryň subutnamasy bolup durýar. Bu ýaryşda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp türgeni hem baýrakly orna mynasyp bolmagy başardy. Talyp türgenimiz Bunýad Raşidow 67 kg. agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. 
 Türkmen sportunyň abraýyny belende galdyran talyp türgenimize geljekde hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47