Talyp türgenler guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda medallary gazandylar
Türkmenistanly türgenler Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medaly (4 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç) gazandylar. Dünýä döwletleriniň 12-sinden 200-den gowrak türgeni özünde jemlän çempionata Türkmenistan 16 türgen bilen gatnaşdy we medal sanawy boýunça üçünji orna mynasyp boldy.
Erkin usuly boýunça Sport fakultetiniň talyplary Suhanow Hojamyrat (57 kg), Tejendurdyýew Atageldi (68 kg), Garaýew Agaýusup (75 kg) altyn medallary bilen dünýä çempiony boldular, Nazarow Nobatgeldi (100 kg) bürünç medaly eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň şu ýylky uçurymy Owlýakulyýewa Jemal (66 kg) kümüş medaly gazandy. Nusgawy usuly boýunça Sport fakultetiniň talyby Baýdogdyýew Nurmuhammet (+100 kg) kümüş medala mynasyp boldy.