«Türkmenistan ― bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy»
Şeýle şygar bilen 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarymyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine badalga berildi.
Çäre «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guraldy.
Ir bilen paýtagtymyzdaky Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýanyndan Bekrewe köçesiniň ugry bilen «Ylym» binasyna çenli welosipedli ýöriş guraldy. Oňa Döwletliler köşgünde terbiýelenýän, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, welosiped boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdy.
Şeýle hem şol gün paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda köpçülikleýin estafeta ylgaw ýaryşlary geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Estafeta ylgaw ýaryşynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 250 metr aralygy 10 tapgyr boýunça geçmek ugrunda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri 200 metr aralygy 5 tapgyr boýunça geçmek ugrunda bäsleşdiler.
Çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň açyk futbol meýdançasynyň ýeňil atletika ýodasynda köpçülikleýin kross ylgaw ýaryşy hem geçirildi.
Bu çärede ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 800 metr aralyga, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 500 metr aralyga we ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri 400 metr aralyga ylgamak boýunça başarnyklaryny görkezdiler.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişler, estafeta we kross ylgaw ýaryşlary şol gün welaýatlardaky sport mekdepleriniň türgenleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda, welaýatlarymyzda hem geçirildi.
Agabaý Akmyradow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.