Talyp türgenler guşakly göreş boýunça Dünýä çempionatynda medal gazandylar

Täjigistanyň Hujand şäherinde 18-20 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. 
2023-nji ýylyň 12–15-nji oktýabry aralygynda geçirilen Dünýä çempionatyna 20-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan talyplar ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, jemi dört sany medal gazandylar.  Olaryň arasynda Sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kerwen Baýramow 82 kilograma çenli agram derejesinde 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem Sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Zehin Meredalyýew (57 kg), Sylap Baýrammämmedow (62 kg) we Guwanç Hemraýew (75 kg) üç bürünç medal gazandylar.
Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň topary ikinji orny eýeledi.

Selbi Bäşimowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47