XIII Uniwersiada badalga berildi

20-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän milli sport ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şol sanda talyp ýaşlaryň sport hereketini goldamak babatda amala aşyrylýan işler barada durup geçdiler.
Açylyş dabarasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandy. Bu çykyşlar institutyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans toparynyň talyplarynyň, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýaşajyk türgenleriniň, göreşijileriň, gimnastikaçylaryň, karateçileriň çykyşlary bilen utgaşdy.
Şol gün Uniwersiadanyň ilkinji oýunlary oýnalyp, gyzlaryň arasynda woleýbol oýunlarynyň jemleri jemlenildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gyzlaryndan düzülen topar Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp gyzlaryndan düzülen topar bilen final oýunlaryna çykyp, 3:2 hasabynda ýeňiş gazanmak arkaly ýaryşda 1-nji orny eýeledi. Şonuň ýaly-da degişlilikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary 4-nji orunlara mynasyp boldular.
Uniwersiada dowam edýär.

Žaloleddin Baltabaýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47