Ähtnama gol çekildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Tatarystan Respublikasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bu resminama sapaklary guramak, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek, ylmy we bilim çärelerine gatnaşmak, tejribe geçmek maksady bilen, mugallymlary akademiki alyşmagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, ylmy we usulyýet konferensiýalaryny, seminarlaryny guramak we geçirmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça sport duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň ylmy we halkara işleri boýunça prorektory Andreý Nazarenkonyň pikirine görä, Ähtnama gol çekilmegi ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi berer.
A. Nazarenko: «Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim, ylym, terbiýeçilik we sport çärelerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeler we täze usullary we ösüşleri girizmek üçin mümkinçilikler hem dörär» diýip belleýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 8 hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan 3 fakultet we 13 sany kafedra hereket edýär. Institutyň ýöriteleşdirilen sapaklarynyň esasynda sportuň 46 görnüşi boýunça tälimçiler taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdebiniň talyp türgenleri dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda ýokary derejede çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Institutyň uçurymlarynyň we talyplarynyň arasynda türkmen sportunyň taryhynda atlary altyn harplar bilen ýazylan türgenler hem köp.
Terjime eden Selbi Bäşimowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.