Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy
2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryna Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Bu ýyl Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy ýurdumyzyň ösüşine, gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň 135-sine gowşuryldy. Olaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň we uçurymlarynyň hem bardygy guwandyryjydyr. Institutymyzyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Parahat Mämmetnurowa, sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdargeldi Nurmuhammedowa, şeýle-de institutymyzyň uçurymlary Daýanç Omirow bilen Laçyn Gurbanowa (Badaglyýewa) Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylandygyny aýtmak gerek.
Ýeňijilere «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly» kitaby, şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar we gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda ýeňijiler ýaşlaryň çekýän zähmetine ýurdumyzda berilýän bahanyň ulydygy we edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.