Halkara tennis ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy

 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu halkara tennis ýaryşyna dünýäniň 12 döwletinden 14 ýaşa çenli oglan-gyzlar gatnaşyp, baýrakly orunlar ugrunda göreşdiler. Türkmen paýtagynda guralan ýaryşyň açylyş dabarasy 11-nji noýabrda geçirilipdi. Halkara tennis ýaryşynyň dowamynda Türkmenistana wekilçilik eden tennisçiler ýokary netijeleri görkezdiler. 
«Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynyň ýapylyş dabarasynda ýeňiji bolan tennisçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlar ýatdan çykmaçak pursatlary peşgeş berdi. 
Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47