«Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy tamamlandy

Türkmen paýtagtynda Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşan 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guralan «Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy.
Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda alty günläp dowam eden ýaryşda Beýik Britaniýa, Hindistan, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistan döwletlerine wekilçilik eden oglanlar we gyzlar medallar ugrunda özara güýç synanyşdylar.
16 jübüt oglanyň we 14 jübüt gyzyň gatnaşmagynda guralan jübütleriň bäsleşigi türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen tennis mekdebiniň wekilleri iki görnüşde hem finala çykdylar we 1-nji-2-nji orunlar ugrunda bäsleşdiler.
Duşuşyklaryň ahyrynda baýrak gowşurylyş dabarasy bolup, ýaryşyň ýeňijilerine we baýrakly orunlaryň eýelerine Aziýa tennis federasiýasynyň medallary we şahadatnamalary, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.    
 «Ashgabat Open 2024» ýaryşynda dört görnüşiň netijeleri boýunça watandaşlarymyz baýrakly orunlaryň 8-sine mynasyp boldular. Türkmen tennisçileriniň gazanan bu üstünlikleri Türkmenistanda sportuň ösmegine döwlet derejesinde berilýän ägirt uly ünsüň netijesinde mümkin boldy. 
«Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary meýletinçi hökmünde gatnaşdyar, şeýle-de olar ýaryşyň guramaçylyk işinde işjeňlik görkezdiler.
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47