Sportuň dzýudo we karate-do görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Kubogy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Dzýudo we Karate-do federasiýalarynyň meýilnamasyna laýyklykda, sportuň dzýudo we karate-do görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş uly ruhubelentlige beslendi. Geçirilen ýaryşlar sport bilermenlerinde aýratyn gyzyklanma döretdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň sport federasiýalary bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy netijesinde geçirilýän milli ýaryşlar aýratyn zehinli türgenleriň ýüze çykarylmagynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezýän şeýle türgenler halkara ýaryşlarynda hem Watanymyzyň abraýyny mynasyp goramagy başarýarlar.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47