Talyplarymyz «Planetanyň saglygy» festiwalyna gatnaşdylar
24-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Görogly» fitnes klubunda «Planetanyň saglygy» atly festiwal geçirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabatdaky Rus öýüniň ýardam bermeginde gurnalan ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, fiziki işjeňligi wagyz etmek boýunça çärä gatnaşdylar. Festiwala köp sanly adamlar, maşgalalary bilen gelip, dürli sport çärelerinden lezzet aldylar. Fitnes klubunyň dürli zallarynda myhmanlar üçin ýörite maksatnama işlenilip düzüldi. Festiwalyň ýaşajyk gatnaşyjylary üçin hem gyzykly ýaryşlar we tanslar gurnaldy. Türgenleşik zallaryndaky ýaryşlar we ussatlyk sapaklary aýratyn gyzyklanma döretdi.
Çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýardam beren Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary üçin «Planetanyň saglygy» festiwaly beden bilen işlemegiň, fiziki taýdan sagdynlygy we fitnesi üpjün etmegiň, şeýle-de dikeldiş çärelerini geçirmegiň usullaryndan tejribelerini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.