Fijital we kibersport görnüşlerinden ýaryşlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak, ösdürmek boýunça maksatnamalarda sport ulgamyny kämilleşdirmek, bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary sportuň sanly görnüşlerine çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 2-7-nji dekabry aralygynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden ýaryşlar yglan edilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary hasaba almak şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli institutyň tdbsi@sanly.tm elektron salgysy arkaly amala aşyrylýar hem-de ýaryşlaryň Düzgünnamasy bilen aşakda görkezilen salgy arkaly tanşyp bilersiňiz:

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47