Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty
2024-nji ýylyň 17-22-nji dekabry aralygynda erkekleriň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» kluby birinji orny eýeläp, Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Degişlilikde ýaryşyň ikinji ornuny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport kluby, üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşykçy» sport kluby eýelediler.
Sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlary halkara bäsleşiklerine gatnaşjak we ýokary derejeli toparlar üçin möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar. Toparlar we tälimçiler ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda dünýä derejesinde üstünlikli çykyş etmek üçin tejribe toplaýarlar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.