Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda üstünlikler
2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Halkara ýaryşyna dünýäniň 19 ýurdundan 127 erkek we 16 ýurdundan 110 zenan türgenler gatnaşdylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gülälek Kakamyradowa ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 64 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňiş gazandy we Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp galdyrmakda 92 kg, itekläp galdyrmakda bolsa 110 kg agramy göterip, jemi 202 kg netije görkezmegi başardy. Ikinji orny hem ýokary okuw mekdebimiziň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Medine Amanowa – 201 kg – (92+109), üçünji orny Hytaý Taýpeýiniň türgeni Li En-Ýun – 200 kg – (89+111) eýeledi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Anamjan Rustamowa 87 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňiş gazandy we Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp galdyrmakda 103 kg, itekläp galdyrmakda bolsa 135 kg agramy göterip, jemi 238 kg netije görkezdi.
Ýurdumyzyň türgenleri sportuň agyr atletika görnüşinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Häzirki wagtda sportuň agyr atletika görnüşiniň ösdürilmegine we zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna aýratyn üns berilýär.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.