“Talyp sporty” futzal boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy
2024-nji ýylyň 16-25-nji dekabry aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň futzal görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sporty” topary talyplaryň arasynda futzal boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-siniň gatnaşmagyndaky bäsleşikde ilki deslapky duşuşyklar geçirildi. Onuň netijesinde toparlaryň 8-si toparçalaryň ikisinde bäsleşdiler.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sporty” hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Gara altyn” toparlary aýgytlaýjy duşuşykda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar. Final duşuşygynda netijeli çykyş eden “Talyp sporty” topary 4:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary ýaryşy üçünji orunda tamamlady.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.