Kibersport boýunça ýaryşda talyplar toparymyzyň üstünligi
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda kibersporty giňden ýaýratmak we wagyz etmek, zehinli kibertürgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, uniwersitetiň kibersport toplumynda kibersportuň “Dota 2”, “Counter-Strike 2”, “Rainbow-Six Siege”, “Tekken 8”, “eFootball” we “UFC5” görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kibertürgenlerinden ybarat bolan “Talyp sport” topary Allaberdi Omarowyň tälimçilik etmeginde ýokary netijeleri görkezdi. Toparymyz “Counter-Strike 2” boýunça ýer eýelerini final duşuşygynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldular. “Rainbow-Six Siege” oýny boýunça ýaryşda bolsa üçünji orny eýelediler.
Häzirki wagtda kibersport dünýä ýurtlarynda günsaýyn ösýär, özgerýär we olaryň görnüşleriniň sany yzygiderli artýar. Kibersportuň iň meşhur görnüşleri boýunça dünýä ýüzünden millionlarça tomaşaçylary, onlarça professional toparlary, ýüzlerçe professional kibertürgenleri, gymmat bahaly baýraklary jemleýän ýaryşlar, ligalar, çempionatlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynda sportuň innowasion ugurly görnüşiniň açylmagy, ýygyndy toparlaryň sanly türgenleşik işlerini alyp barmak üçin «Ýaş tehnolog» ylmy gurnagynyň düzüminde Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy bilen bilelikde fijital-sport otagynyň hereket etmegi institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerinde täze usullardan ugur alynýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.