Ýylyň saýlama talyp türgenleri

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2024-nji ýylyň dowamynda institutyň talyp türgenleri halkara ýaryşlaryň 41-sine gatnaşyp, 49 altyn, 35 kümüş, 43 bürünç, jemi 127 sany medallary, ýurtda geçirilen 151 sany sport ýaryşlarynda 855 sany medallary gazanmagy başardylar. Ýokary okuw mekdebinde 52 sany ýurt derejesindäki sport ýaryşlary geçirilip, olarda zehinli türgenleri saýlap-seçip almaga aýratyn ähmiýet berildi. 2024-nji ýylyň üstünliklerine bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Dünýä we Aziýa çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda türkmen Tuguny belentde parladyp, uly üstünliklere eýe bolan talyp türgenleriň saýlama onlugy yglan edildi.
Pardaýewa Maýsa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 1-nji orna we altyn medala, 2024-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Grand Slam halkara ýaryşynda 57 kg agram derejesinde 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolan. 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan.
Gowşudowa Göwher, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 11-12-nji maýy aralygynda sportuň uşu görnüşi boýunça Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň kubogynda 70 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala, 2024-nji ýylyň 8-17-nji sentýabry aralygynda sportuň uşu görnüşi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 70 kg agram derejesinde 3-nji orna we bürünç medala, 2024-nji ýylyň 22-25-nji dekabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda 70 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Gapurgeldiýew Şatlyk, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 24-29-njy apreli aralygynda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkiýe Respublikasynyň Erdemli we Mersin şäherlerinde geçirilen Dünýä kubogynda 85 kg agram derejesinde çykyş edip, light we classic görnüşlerinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Annagurbanow Nurgeldi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 2-12-nji marty aralygynda sportuň fudokan karate görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Iwanowa şäherinde geçirilen Dünýäniň açyk kubogynda 2-nji orna we kümüş medala, 2024-nji ýylyň 8-16-njy iýuny aralygynda adaty karate boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 1-nji orna we altyn medala, 2024-nji ýylyň 15-23-nji awgusty aralygynda adaty karate boýunça  Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen IV Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Guwanjowa Aminat, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 23-28-nji oktýabry aralygynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça Gresiýa Respublikasynyň Heraklion şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda 45 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Öwezow Yslam, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 23-28-nji oktýabry aralygynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça Gresiýa Respublikasynyň Heraklion şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda 62 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Nazarow Dawut, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 14-15-nji noýabry aralygynda sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen Dünýä çempionatynda +100 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Hemraýew Guwanç, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 14-15-nji noýabry aralygynda sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen 18-20 ýaşly türgenleriň arasynda Dünýä çempionatynda 82 kg agram derejesinde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Rustamowa Anamjan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 19-27-nji sentýabry aralygynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynda 87 kg agram derejesinde 100 kg silterläp götermekde 3-nji orna we bürünç medala, 2024-nji ýylyň 18-25-nji dekabry aralygynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Katar döwletiniň Doha şäherinde geçirilen ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 87 kg agram derejesinde 103 kg silterläp götermekde, 135 kg itekläp götermekde, umumy jemi 238 kg götermekde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
Matýakubow Şahzadbek, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 2024-nji ýylyň 19-27-nji sentýabry aralygynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynda 102 kg agram derejesinde 175 kg silterläp götermekde (dünýä rekordy), 216 kg itekläp götermekde, umumy jemi 391 kg götermekde 1-nji orna we altyn medala, 2024-nji ýylyň 18-25-nji dekabry aralygynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Katar döwletiniň Doha şäherinde geçirilen ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 102 kg agram derejesinde 177 kg silterläp götermekde (dünýä rekordy), 219 kg itekläp götermekde, umumy jemi 396 kg götermekde 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan.
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” talyp türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleriniň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47