Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş  dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.

Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47