Gandbol ýaryşynda üstünlik
2025-nji ýylyň 3-12-nji marty aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň gandbol (gyzlar) görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryş talyplarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we sporta bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary güýçli we ýygy-ýygydan amala aşyran netijeli oýny bilen 1-nji orny eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýygyndy topary 2-nji orna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmalarynyň ýokarlanýandygynyň, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.