Uniwersiadanyň çäklerinde dzýudo boýunça ýaryşlar
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda ýokary derejede guraldy. Bu ýere sportuň dzýudo görnüşi bilen meşgullanýan ezber türgenler jemlendi. Ýaryşyň jemleýji netijeleri aşakdaky görnüşde kesgitlenildi:
I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary;
II orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary;
III orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary.
Ýaryşda türgenleriň görkezen ussatlyklary ýokary baha mynasyp boldy. Şeýle hem bu ýaryş Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.