«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, sport diplomatiýasy we halkara sport hyzmatdaşlygy giňden ösdürilýär. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 1-7-nji apreli aralygynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary yglan edýär.
«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň maksady dünýäde parahatçylygy we dostlugy berkitmekde, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, agzybirligi we hyzmatdaşlygy binýat etmekde sportuň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekden ybaratdyr. Bu ýaryşlar sporty diňe bir bäsdeşlik hökmünde däl-de, eýsem özara hormatyň goýmagyň we hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ulanyp, bedenterbiýä bolan höwesi artdyrmaga hem gönükdirilendir. Ýaryşlaryň Düzgünnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

www.tdbsi.edu.tm

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47