Bedenterbiýe we sport boýunça VI internet bäsleşigi

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda her ýylyň aprel aýynda geçirilmegi däbe öwrülen bedenterbiýe we sport boýunça VI internet bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Bäsleşige ýurdumyzyň 17 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady bedenterbiýe we sport babatda talyplaryň bilimlerini artdyrmak, innowasiýalary we öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň maglumat-tehnologiýalarynyň üsti bilen sanly test programma üpjünçiligi peýdalanyldy. Bäsleşige hödürlenen soraglar bedenterbiýe we sport ugrunda talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Soraglar sportuň dürli ugurlary boýunça taýýarlanylyp, talyplara täze tehnologiýalar we öňdebaryjy usullar barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Bäsleşikde anyk jogaplary bermekde we wagt artykmaçlygyny görkezmekde ýokary netijeleri görkezen talyplar ýeňijiler hökmünde kesgitlenildi. Şeýle bäsleşikler talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga we sport ulgamynda täze mümkinçilikleriň açylmagyna uly itergi berýär.

Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

11/05/2026

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47