«Maslahatly döwlet, maksatly döwlet»


Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak barada beren tabşyryklarynyň ähmiýeti dogrusynda maslahat geçirildi. Maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Maslahatly döwlet, maksatly döwlet» şygar astynda guraldy. Ýokary okuw mekdebiniň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetinde guralan dabara professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatda türkmen sportuny ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Dabara Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bilen tamamlandy.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47