«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe»


2022-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň jemleýji gününde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» atly X bölümi we «Ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemegiň we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmegiň möhüm wezipeleri» atly XVI bölümi ýokary okuw mekdebimizde geçirildi. Eýran Yslam Respublikasyndan Halkara Tennis Federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili, hyzmatdaş ýokary okuw mekdepler bolan Rumyniýanyň Buharest Milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, Ermenistanyň adaty lukmançylyk uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň ýolbaşçy wekilleri we görnükli alymlary, Owganystanyň sport hünärmenleri agzalan halkara ylmy maslahatyna gatnaşdylar.
Ylmy maslahatyň bölümlerine gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy ösen tejribesini bu ulgamlaryň işine ornaşdyrmakda  yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47