«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiada badalga berildi


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Talyplaryň bu sport baýramyny guramak indi ýurdumyzda däbe öwrüldi.
Uniwersiadanyň esasy maksady sportuň dürli ugurlarynda ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak we ýaşlarymyzyň Bütindünýä Uniwersiada ýaryşlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak bolup durýar. Bu ýaryşyň çäginde türgen talyp ýaşlar sportuň dürli ugurlary boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.
Dabaranyň ahyrynda talyp ýaşlar hormatly Prezidentimize eziz Diýarymyzyň sport ulgamyny ösdürmek ugrundaky yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744013,
Aşgabat şäheri, Saparmyrat 
Türkmenbaşy
şaýoly, 
40-njy jaý

Telefon belgiler:
+993 12 22-65-47