Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň uçurymlaryndan we bilim alýan talyplaryň arasynda türkmen sportunyň taryhyna atlaryny ýazan türgenleriň ençemesi bar. Şeýle hem 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynda, “Amul-Hazar-2018” halkara awtorallisinde we 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda institutyň talyplary we uçurymlary ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. “Talyp sporty” ady bilen talyplardan düzülen ýygyndy toparlar ýurdumyzyň Milli çempionatynda çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.