Bedenterbiýe we sport
Institutyň sport kluby bedenterbie we sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini talyplaryň hem-de mugallymlaryň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak üçin köpugurly we yzygiderli çäreleri geçirýär. Şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasyny, öz-özüňe gözegçilik etmegi kemala getirýär, ýaramaz endiklere garşy göreş alyp barýar. Şeýle hem Saglyk ýoluna ýörişleri we ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin sport-sagaldyş çärelerini guramaga we geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe – sport çäreleriniň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikleriň jemi boýunça sport klubunyň talyplary her ýyl birinjiligi eýelmegi başarýarlar. Şeýle guwandyryjy netijeler institutyň professor-mugallymlarynyň, ýörite hünärmenleriniň, şonuň ýaly-da institutda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde gazanylýar.
Häzirki wagtda institutymyzyň ýygyndy toparlary sportuň görnüşleri boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara ýaryşlarynda-da Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek maksady bilen türgenleşik işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.
Institutyň talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň we bilim alýan talyplaryň arasynda türkmen sportunyň taryhyna atlaryny altyn harplar bilen hemişelik ýazan türgenleriň ençemesi bar. Şeýle hem 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, “Amul-Hazar-2018” halkara awtorallisinde we 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda institutyň talyplary we uçurymlary ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.
Iinstitutda zähmet çekýän öz ugurlaryndan kämil, hünärleri boýunça baý tejribeli mugallymlaryň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileriniň, halkara derejeli sport ussatlarynyň agzybirlikli tagallalary netijesinde okuw-terbiýeçilik, ylmy-usuly we medeni-köpçülik, bedenterbiýe-sagaldyş işlerinde ýokary sepgitlere ýetilýär. Ýokary okuw mekdebimizde talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sport ussatlygyny kämilleşdiгmek üçin ähli şertler döredilendir. Şeýlelikde, institutymyzda bilim-terbiýe alýan ýokary derejeli türgen-talyplarymyz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, 2010-njy ýyldan bäri sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda jemi 1109 medala (şol sanda 374 altyn, 314 kümüş, 421 bürünç ) mynasyp boldular.