Halkara zenalar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
Ýurdumyzyň ähli künjeginde “Halkara zenanlar güni” mynasybetli dabaralar guralýar. Şeýle dabara ýokary okuw mekdebimiziň hem çäginde guraldy. Aýdym-sazly dabaraly çäre Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda talyp gyzlaryň we zenan mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Aýdym-sazly dabarly çäreniň hormatly myhmany bolup Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa, Pälwan Hamydow, Halbike Dowyýewa dagylar gatnaşdylar. “Halkara zenanlar güni” mynasybetli guralan aýdym- sazly dabara uly el-çalpyşma bilen tamamlandy.
Taýýarlan Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa