Hoşallyk maslahaty geçirildi



   Türkmen halkynyň milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň awtoulag merkezine täze gelip gowşan sport ulagynyň aýratynlyklary bilen tanyşmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi.
   Hoşallyk maslahatynyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş edip ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek barada durmuşa geçirilýän işler hakynda, şeýle-de  awtosport görnüşine berilýän üns dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. 
   Hoşallyk maslahaty Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilip, oňa ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
   Dabara türkmen sportuny ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan ýakymly arzuwlar bilen tamamlandy.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47