Erkin göreş boýunça türkmen ýygyndysy bakuda geçen halkara ýaryşyň 11 medalyna eýe boldy



   Dünýä we yklym çempionatlarynda uly üstünliklere eýe bolýan milli ýygyndy toparlarymyzyň düzüminde ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň hem bardygy diýseň buýsandyryjydyr. Talyp türgenlerimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde erkin göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 1 altyn, 2 bürünç medala mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyplary Azymberdi Saparow altyn, Amir Hamaýun we Dawutmuhammet Hallyýew dagylar bürünç medaly eýelemegi başardylar.
   Türkmenistanly türgenler Bakuda Göreşiň birleşen dünýäsiniň hem-de Azerbaýjanyň göreşiň şol görnüşi boýunça federasiýasynyň bilelikde A.Azizowyň ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen ýaryşynda erkin göreş boýunça açyk halkara ýaryşyň medallarynyň on birisine eýe boldular.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47