Türkmen talyplarynyň küşt Olimpiadasyndaky üstünligi

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary kiçi altyn medallara mynasyp boldular. Erkeklerden düzülen ýygyndymyz 15 utuk bilen “B” kategoriýada, zenan türgenler bolsa 14 utuk bilen “C” kategoriýada ýeňiji boldular. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy küşt boýunça Bütindünýä küşt olimpiadalarynyň taryhyndaky  iň ýokary netijäni gazanmagy başardy. Bu iri dünýä ýaryşynda döwletimiziň abraýyny gorap çykyş eden milli türgenlerimiziň hatarynda halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew, halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşan Amanmuhammet Hommadow, Allaýar Şirliýew, Wepaly Halynyýazow dagy bar.
Zenan küştçileriň arasynda diňe 18 ýaşly Lala Şohradowanyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak boýunça tejribesi bar. Merýem Agajanowa, Leýla Şöhradowa, Jahan Rejepowa, Eneş Arazmedowa dagy bolsa, Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan ynamly oýun görkezdiler.
Bu üstünlige talyplaryň saldamly goşant goşandygyny aýtmak gerek. Olardan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadowy,  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halynyýazowy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şohradowany görkezmek bolar. Türkmenistanly türgenlere, şol sanda talyp türgenlerimize rowaçlyk we üstünlik arzuw edýäris!

Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47