Şanly ýylymyza bagyşlandy

 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda «Eziz Watan, seniň goýnuň, hem geçmişdir, hem geljek» diýen at bilen aýdym-sazly, sahnaly ylmy-usuly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans toparynyň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çap edilip okyjylara gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many-mazmuny esasynda talyp ýaşlarda kitaba, kitap okamaga bolan höwesi ösdürmek maksafy bilen guraldy. Onda institutyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary, şeýle hem institutyň ýaş mugallymlary hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many-mazmunyna her taraplaýyn seljerme berýän nutuklar bilen çykyş edip, talyp ýaşlaryň ünsüni okamaga, watansöýüjilik we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepalylyk duýgularyny ösdürmäge jemlediler.
Çykyşlaryň aralygynda olarda gozgalan ugurlar boýunça «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans toparynyň artistleriniň hödürlän sahnaly we aýdym-sazly çykyşlary talyp ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemegine çuňňur täsir etdi.
Talyp ýaşlaryň özara pikir alyşmasy tertibinde geçirilen çärä gatnaşan professor-mugallymlar öz halypalarynyň ýolbaşçylygynda nuruklar bilen çykyş eden we sahnaly ýykyşlary guran talyp ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryna mynasyp bahany we halypalyk maslahatlaryny berdiler.
Çärä gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, ylmy we döredijilik gözleglerine gönükmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler.
Keýik SAHATLIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47