Halkara ylmy-amaly maslahaty

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş döwlet agrar uniwersitetiniň guramagynda «Häzirki zaman durmuş-ykdysady şertlerinde bedenterbiýäniň we sportuň möhüm meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahatyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we onuň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahaty sportda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňişleýin we netijeli peýdalanmakda gazanylan halkara tejribelerini durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ylmy gözlegleri, sport lukmançylygynyň, sport psihologiýasynyň, häzirki zamanyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň sportda eýeleýän orny babatda dünýä tejribesini öwrenmekde örän ähmiýetli boldy.

Durdygözel AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47