Hoşallyk maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleriniň Şa serpaýy bilen sylaglanylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory Hydyr Nunnaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportyň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dekany Şöhrat Mämmedow, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň tälimçisi Ýazbike Öwezowa dagylar çykyş etdiler. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.
Hoşallyk maslahatynda ýurdumyzyň sport ulgamynyň soňky ýyllarda ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri, şunuň bilen birlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna edilen ýöriş we türgenlere sylag gowşurmak dabarasy barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Agyr atletika boýunça dünýä çempiony, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubowyň we erkin göreş boýunça dünýä çempiony, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp-Arslan Begenjowyň Şa serpaýyna mynasyp bolandyklary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýüzlenme kabul etdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşlary guralyp, ol dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Işanguly Meretnyýazow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, boks boýunça halkara derejeli emin.