3x3 basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, edara-kärhanalarynyň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlaryň arasynda sportuň 3x3 basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Ýaryş sport ulgamynyň bilermenlerinde, oňa gatnaşan janköýerlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy zehinli türgenleriň ýüze çykarylmagynda, tejribe toplamagynda hem-de olaryň milli ýygyndy toparyň düzümine saýlanylyp alynmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaryşa jemi 20-ä golaý topar gatnaşyp, geçirilen iki tapgyryň jemleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary baýrakly 1-nji orna mynasyp boldy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni.