Halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda  14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi. 
Ýurdumyzda geçirilýän bu halkara ýaryşa gatnaşmak üçin  dünýäniň onlarça döwletinden ýaş türgenler, tälimçiler we myhmanlar geldiler. Halkara tennis ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmegine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtmak gerek. Olar meýletinçileriň işlerinde we ýaryşy habar beriş serişdeleri arkaly şöhlelendirmekde işjeňlik görkezýärler.
Şatlyk-şowhuna we aýdym-sazly çykyşlara beslenen «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» tans toparynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym-saz toparlarynyň we paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň ýaş türgenleriniň görkezme çykyşlary görkezildi.  
«Ashgabat Open 2024» atly halkara tennis ýaryşy 2024-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli dowam eder.

Daýanç TAGYŞOW,
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyplary.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47