Aşgabat — ýaşajyk myhmanlarymyzyň gözi bilen
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda şu ýylyň 8 — 17-nji noýabry aralygynda «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy dünýäniň 12 ýurdundan 14 ýaşa çenli bolan tennisçi türgenleri özüne jemledi.
Oýunlaryň arasynda biz mümkinçilik tapyp, paýtagtymyzyň ýaşajyk myhmanlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Dostlukly Gazagystan Respublikasyndan gelen 12 ýaşly türgen Ýaroslaw Bobrow öz täsirlerini has-da höwes bilen paýlaşdy:
— Meniň Aşgabada ilkinji gezek gelip görşüm. Türkmen halkynyň, türkmen dostlarymyzyň myhmana göwnaçyklygy, mähirliligi meni özüne hemişelik maýyl etdi.
Men häzire çenli dostlukly döwletleriň birnäçesinde bolup, öz saýlan sport ugrum boýunça bäsleşiklere gatnaşdym. Ýene-de köp ýurtlarda guraljak bäsleşiklere gatnaşaryn diýip pikir edýän. Ýöne «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyna gatnaşmak bilen, men «sport —dost-doganlyk», «sportda dostluk ýeňýär» diýen kesgitlemeleriň dogry ekendigine ilkinji gezek sözüň doly manysynda göz ýetirdim. Bu ýaryşlarda, hakykatdan hem dostluk ýeňdi.
Ýaryşlardan we türgenleşiklerden boş wagtymyzda Aşgabat şäherine, şeýle hem sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherine guralan syýahatlar mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Men bir zada begenýärin: men özüm üçin ahyrky netijesi dostluga-doganlyga alyp barýan hünäri saýlap alan ekenim. Men bu hünärimi geljekde-de söýgi bilen dowam etdirerin.
Bizi deň-duş hünärdeş ýetginjek türgenler bolup dünýä ýurtlaryndan bir ýere jemlenmäge, dostlaşmaga-doganlaşmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmenistanyň Prezidentine, bizi iň eziz myhmanlar hökmünde belent sylag-hormat bilen garşy alan we milli myhmansöýerlik däpleri bilen gurşap alan dostlukly türkmen halkyna çuňňur hoşallygymy we iň ýagşy arzuwlarymy beýan edýärin.
Gürrüňdeş bolan Agabaý AKMYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.