Tennise bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ashgabat Open 2024» atly halkara tennis ýaryşyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde institutyň ýaş žurnalistleri ýurdumyzdaky sport ulgamynda ýetilen sepgitler, tennis ýaryşynyň nähili ýagdaýda geçýändigi, türkmen türgenleriniň geçirilýän halkara ýaryşda gazanýan üstünlikleri, tennis sportynyň taryhy we saglyga peýdasy, biziň ýurdumyzda sportyň bu görnüşiniň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleriň geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen, bu ugurda ukyply hünärmenleriň kemala gelmegine hem itergi berýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda sportuň ösdürilmegi we ýaşlaryň ukyplarynyň açylmagy üçin mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.
Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.